Rimde Italiýanyň goranmak ministri Gwido Krozetto ýurduň Goranmak boýunça Ýokary geňeşiniň ýygnagy gidýärkä, özüni ýaramaz duýdy. Ony ýerli hassahana alyp gitdiler. Bu barada «Il Messaggero» gazetine salgylanýan «Ren.tv» habar berdi.
Syýasatçynyň hassahana eltilmeginiň sebäbi aýdylmaýar, emma gazet çeşmelere salgylanyp, ministriň döşündäki agyrydan ejir çekendigi bellenýär.
Şu ýylyň fewralynda ministr Krozetto San-Karlo-di-Nansi hassahanasynyň kardiologiýa bölüminde bejergi alypdyr. Şonda oňa ýüregiň sowuklamasyna garşy bejergi berlendigi habar berilýär.