Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

London-Singapur aralygynda gatnaýan uçar çaýkamagy sebäpli 20 adam hassahana düşdi

12:0023.05.2024
0
9809

Ýigrimi adam London-Singapur aralygyndaky uçar gatnawynda reanimasiýa göterildi diýip, lukmanlara salgylanýan «Agence France-Presse» habar berdi.

Habarda uçaryň Bangkokda gonmaga mejbur bolandygy aýdylýar. Ejir çekenler ol ýerdäki hassahanalara göterildi. Hassahanalaryň reanimasiýa bölüminde ýerleşdirilenler Beýik Britaniýanyň, Täze Zelandiýanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň, Malaýziýanyň, Singapuryň we Gonkongyň raýatlary.

London-Singapur gatnawyndaky 221 ýolagçyly we ekipažyň 18 agzasy bolan uçar 21-nji maýda howada güýçli çaýkap, ýolagçylar şikes aldylar. Wideogörnüşlerde uçaryň içindäki adamlaryň başdan geçirýän elhenç pursatlary, kislorod örtükleriniň ýerinden gaçyşy, çaşyp ýatan goşlar görünýär.

Netijede, iki adam gurban boldy, 71 adam dürli agyrlykdaky şikes aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň