Arhiw

Serdar Berdimuhamedow içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

23:2524.03.2022
0
11104
Serdar Berdimuhamedow içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ir bilen döwlet Baştutany Aşgabadyň demirgazyk künjegindäki baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanyny mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ç.Amanow hasabat berdi.

Dabaranyň geçirilýän ýerine barýarka, Prezident Serdar Berdimuhamedow ussat sazandalardyr aýdymçylaryň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Dabaranyň geçirilýän ýerine tarap barýan ýoluň ugrunda baýramçylyk äheňinde bezelen ak öýler dikilipdir. Toý gazanlarynda milli tagamlar taýýarlanylýar. Ak öýleriň ýanynda çapady, pişme ýaly milli toý nygmatlaryny taýýarlaýarlar.

Milletiň Lideri medeni çykyşlar üçin niýetlenen merkezi sahnanyň ýanynda saklandy we IIM-niň harby gullukçylaryndan düzülen aýdym-saz toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi.

Soňra döwlet Baştutany täze ýaşaýyş jaý toplumynyň Dolandyryş binasynda mähriban atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, durmuş we zähmet ýoly, ýaş nesilleri, türkmen esgerlerini watansöýüjilik, Watana, halka birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemekde nusgalyk görelde bolan Mälikguly Berdimuhamedowyň güberçek görnüşindäki heýkeline tagzym etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow täze ýaşaýyş toplumynyň Dolandyryş binasyna bardy. Bu ýerde Mälikguly Berdimuhamedowyň özboluşly muzeýi döredilipdir. Bu muzeý 2020-nji ýylyň 20-nji noýabrynda — Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň birinji tapgyrynyň ulanmaga berlen gününde açyldy. Onda arhiw materiallary, dürli resminamalaryň, şahadatnamalaryň, şol sanda harby atlar baradaky şahadatnamalaryň nusgalary, döwlet sylaglary, suratlar jemlenipdir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň merkezi girelgesindäki toý bagyny kesdi.

TIIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr.

Bu gün täze jaýa göçüp gelmek bagtyna mynasyp bolan TIIM-niň Aşgabat şäher Polisiýa müdirliginiň sürüjisi Ýazmyrat Çüliýew Prezident Serdar Berdimuhamedowdan öz öýüne hormatly myhman hökmünde gelmegini haýyş edýär.

Türkmen Lideri öýe girip, maşgala agzalaryny täze jaý bilen gutlaýar we otaglaryň ýerleşdirilişi, bu ýerde maşgala agzalary üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Täze jaý özünde giň eýwany, uly myhmanhana hem-de umumy otaglary, döwrebap durmuş tehnikalary we mebeller bilen üpjün edilen aşhana-naharhanany, hojalyk otaglaryny birleşdirýär. Jaýyň timarlamak işlerinde döwrebap serişdeler ulanyldy.

Meýdany 8 sotoga barabar bolan mellek ýerinde ekerançylyk bilen meşgullanmaga ýa-da miweli baglary ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler bar. Şeýle hem bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ýörite meýdança döredilipdir.

Täze jaýa göçüp baran köp çagaly maşgala döwlet Baştutanyna Türkmenistanyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselelerine uly ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini synlady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi.

Sergini synlanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň