Soňky habarlar

Arhiw

Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi

14:4824.03.2022
0
6857

UFC-niň ýyldyzy Konor Makgregor oýlanyşyksyz, howply ulag dolandyrandygy üçin Irlandiýanyň polisiýa işgärleri tarapyndan tussag edildi. MMA söweşijisiniň bahasy 170 müň ýewro bolan «Bentley Continental GT» awtoulagy elinden alyndy.

Makgregor aýyplanandan soň girew bilen boşadyldy. Bu waka barada ýakyn wagtda diňlenişik bolar. Mir24-iň habar bermegine görä, türgen bäş müň ýewro çenli jerime tölär ýa-da alty aý azatlykdan mahrum edilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň