Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» düzümine dört futbolçyny goşdy

23:5221.03.2022
0
6614

Ýurdumyzyň çempiony «Altyn asyr» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň öňüsyrasy milli ýygyndymyzyň derwezeçisi Batyr Babaýewi düzümine goşdy. B.Babaýewiň geçen möwsümde Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» toparynda çykyş edendigini ýatladýarys ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Mundan başga-da, 2020-nji ýylda «Migrasiýa» toparynyň hatarynda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna gatnaşan Ruslan Täjiýew, 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde «Nebitçiniň» ýaşlar düzüminde çykyş eden Arslan Saparow hem hünär ýollaryny «Altyn asyrda» dowam ederler.

Şeýle-de, geçen möwsüm kärendesinde «Şagadamda» çykyş eden Möwlamberdi Goşşanow «Altyn asyra» dolandy. M.Goşşanowyň geçen möwsümiň jemi boýunça «Şagadam» topary bilen futbol çempionatymyzyň bürünç medalyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.

Paýtagtymyzyň «Altyn asyr» topary geçen möwsümiň jemi boýunça bassyr sekizinji çempionlygyny gazanmagy başarypdy.

Ýeri gelende bellesek, «Altyn asyr» topary AFK-nyň Kubogy-2022-niň toparçalaýyn bäsleşiginde «Sogdiana» (Özbegistan), «SSKA-Pamir» (Täjigistan) hem-de «Neftçi» (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bilen duşuşar.

Merkezi sebitiniň «E» toparçasynyň çägindäki saýlama tapgyryň duşuşyklary Duşenbe şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň