Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zemmhome» 100-den gowrak dürli görnüşli halyçalary 30%-e çenli arzan bahadan hödürleýär

13:3820.03.2022
0
5245

Öýleri bezemekde, otaglary dürli stile görä döredilen bezegler bilen üpjün etmekde alyjylar üçin ýakyn ýardamçy bolan «Zemmhome» dükanynda Türkiýede öndürilen, hili kepillendirilýän halylaryň we halyçalaryň ýüz elli töweregi görnüşi 30% arzan bahadan müşderilere ýetirilip başlandy.

Dükanyň ýörite maşynlarda, şol sanda elde dokalan geometrik, abstrakt şekillerdäki, etniki we gündogar stilindäki, aýdyň hem-de ýapyk reňkli dürli görnüşdäki halylary loft we haýtek stilleri bilen sazlaşykly utgaşyp, olaryň ikisine-de jaýdar bezeg berýär. Dükanyň satyjy-maslahatçy hünärmeniniň belleýşi ýaly, bu ýerde kilim görnüşli halyçalara hem uly isleg bildirilýär.

Kilimler (iki taraplaýyn nagyşly, adatça elde dokalýan) haly önümleri edil jut ýüplüginden dokalan halylar ýaly ortaýerdeňzi stilinde öýüň bezegini özboluşly ajaýyplyk bilen üpjün eder. Jut, esasan, Günorta Aziýada — Hindistanda, Bangladeşde, Taýlandda we beýleki ýurtlarda ösýän ösümligiň tebigy süýüminiň bir görnüşidir. Jut çydamlylygy we daşky gurşaw üçin zyýansyz täsiri bilen tapawutlanýar.

Matadan we jut ýüplüginden dokalan etniki stildäki tegelek göwrümli halyçalar hem häzirki zaman öý bezegine örän kybap gelýär. Şunuň bilen birlikde, gündogar nagyşlary bilen bezelen, milli reňkleriň öwüşginini görkezýän halylary hem «Zemmhome» dükanyndan tapmak bolýar.

Dükanyň haryt görnüşleri web saýtyndan ýa-da onuň görkezilen salgysyna baryp tanşyp bilersiňiz: Änew şäherçesi, Ahal köçesi, jaý 27/1.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň