Soňky habarlar

Arhiw

Turkish Airlines Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçuşy amala aşyrar

17:0217.03.2022
0
20936

Turkish Airlines awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 26-njy martynda Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň telegram sahypasynda habar berlişi ýaly, nobatdaky guralýan ýörite uçuşdan Türkmenistanda wagtlaýyn bolsan Russiýanyň raýatlarynyň hem peýdalanyp bilinjekdigi aýdylýar.

Turkmenportal web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, Turkish Airlines awiakompaniýasynyň guran ýörite uçuşlary şu ýylyň 9-njy martynda Stambul—Aşgabat—Stambul, 14-nji martynda bolsa, Stambul—Türkmenbaşy—Stambul ugurlary boýunça amala aşyryldy.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda beýleki ýurtlar bilen birlikde, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň