Soňky habarlar

Arhiw

Ýewropanyň Çempionlar ligasynda ähli çärýek finalçylar belli boldy

10:4317.03.2022
0
5372

Geçen gije Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda ahyrky duşuşyklar geçirildi. Olarda «Ýuwentus» «Wilýarrealy», «Lill» bolsa «Çelsini» kabul etdi.

Italiýada geçirilen duşuşykda «Wilýarreal» myhmançylykda «Ýuwentusy» 3:0 hasabynda utdy. Şeýlelikde, bu ýeňiş ispan toparyny ýaryşyň çärýek finalyna çykardy.

78-nji minudyna çenli gol geçirilmedik duşuşygyň şol minudynda Žerar Moreno 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanyp, «Wilýarrealy» öňe geçirdi. Bu gol myhman toparyň futbolçylaryna goşmaça güýç berdi. 85-nji minutda Pau Torres «Ýuwentusyň» derwezesinden ýene bir pökgini geçirdi. Duşuşykdaky üçünji pökgini ýene-de 11 metrlik jerime urgusyndan Arno Gruneweld geçirdi. Şeýlelikde Ýewropa ligasynyň kuboklarynyň birnäçesini gazanan tälimçi Unai Emeri häzirki topary ― «Wilýarreal» bilen yklymyň birinji derejeli ýaryşynyň hem çärýek finalyna çykdy. «Wilýarreal» «Ýuwentusy» iki duşuşygyň netijesinde 4:1 hasabynda ýeňdi.

1/8 finaldaky ilkinji duşuşykda öz meýdanynda «Lilli» 2:0 hasabynda ýeňen «Çelsi» düýn gije Fransiýada geçirile jogap duşuşygynda hem 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykan ahyrky topar boldy.

«Lill» 38-nji minutda türkiýeli hüjümçi Burak Ýylmazyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligini bary-ýogy 10 minut gorap bildi. Birinji ýarymyň goşmaça wagtynyň 3-nji minudynda «Çelsi» Kristian Pulisiçiň tapawutlanmagynda hasaby deňledi. Iňlis toparyna ýaryşyň çärýek finalyna çykmak üçin şu deňlik hem ýeterlik bolup bilerdi, ýöne «Çelsi» 71-nji minutda bu oýundaky ýagdaýy hem öz haýryna üýtgetdi. Şol minutda Sesar Aspilikueta iňlis toparynyň duşuşykdaky ikinji goluny geçirdi. Şeýlelikde, «Çelsi» iki duşuşygyň netijesi boýunça «Lilli» 4:1 hasabynda ýeňip, çärýek finala çykdy.

«Çelsiniň» UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň häzirki çempionydygyny ýatladýarys.

Şeýlelikde, çärýek finala Angliýa bilen Ispaniýanyň her haýsyndan üç, Germaniýa bilen Portugaliýadan bir topar çykdy. Çärýek finalda Angliýa «Liwerpul», «Mançester Siti» we «Çelsi», Ispaniýa «Atletiko Madrid», «Real Madrid» we «Wilýarreal», Germaniýa «Bawariýa», Portugaliýa bolsa «Benfika» wekilçilik eder. Çärýek final duşuşyklarynyň bijeleri ertir ― 18-nji martda çekiler. Ilkinji duşuşyklar 5-njiwe 6-njy aprelde, jogap duşuşyklary 12-nji we 13-nji aprelde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň