AFK-nyň Çempionlar ligasynda Ruslan Mingazowyň we Andres Inýestanyň toparlary duşuşar

20:0016.03.2022
0
5024

Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky üçünji topardaşy Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» topary boldy. Ýapon topary düýn geçirilen saýlama duşuşygynda Awstraliýanyň «Melburn Wiktoriýasyny» goşmaça ýarym sagatlyk wagtda 4:3 hasabynda ýeňdi.

Şeýlelikde, AFK Çempionlar ligasynyň «J» toparçasyny indi Hytaýyň «Şanhaý Port», Taýlandyň «Çiangraý Ýunaýted», Gonkongyň «Kitçi» we Ýaponiýanyň «Wissel Kobe» toparlary emele getirdi. Bu toparçanyň duşuşyklary 16-njy aprel ― 1-nji maý aralygynda geçiriler.

Gonkongyň «Kitçisinde» türkmenistanly ýarymgoragçy Ruslan Mingazowyň çykyş edýändigini ýatladýarys. Topar türkmenistanly ýarymgoragçyny AFK beren sanawyna hem goşdy. Toparçanyň dördünji wekilinde ― «Wissel Kobede» Andres Iniesta, Boýan Krikiç, Serži Samper (üçüsi hem Ispaniýa), Linkoln (Braziliýa) ýaly dünýä ýyldyzlary çykyş edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň