Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada kwota esasynda okajak türkmen raýatlarynyň sanawy çap edildi

13:2416.03.2022
0
43029

Russiýa Federasiýasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy resmi web saýtynda türkmen raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyklaryň, şol sanda russiýalylaryň Russiýa Federasiýasynda hökümet tarapyndan bellenilen kwota laýyklykda 2022-2023-nji okuw ýyly üçin okuwa kabul edilenleriň sanawyny çap etdi.

Çap edilen sanawyň netijelerini şu ýerden görüp bilersiňiz.

Birinji tapgyrda saýlanyp alnan raýatlar, şol sanda ätiýaçlyk sanawyna girizilenler şu ýylyň 19-njy martyna çenli otdel.turkmenistan@gmail.com elektron salgysyna gerekli lukmançylyk resminamalaryny (86y formaly sprawka, B we С gepatitleriniň, inçekeseliň, WIÇ/SPID-iň ýoklugy barada sprawka) ibermelidirler.

Ilçihana käbir tehniki sebäplere görä, education-in-russia.com portalynyň işlemeýändigini hem habar berýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99365 89-85-41 (9:00-dan 15:00-a çenli).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň