Türkmenenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 15-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda yglan edilen arakesme wagtynda, bu ýerde Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleri boýunça beren hasabaty bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabatdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň täze Prezidentiniň wezipesine girişmegine bagyşlanan dabaranyň geçirilmelidigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan bu syýasy çäräniň guramaçylykly we aç-açanlyk ýagdaýynda geçirilmegi türkmen jemgyýetinde demokratik esaslaryň, halk häkimiýetliliginiň milli ýörelgeler bilen utgaşykly alnyp barylýandygyny aňladýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, döwlet toparyny döretmek hem-de şu dabara mynasybetli ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçdi.
Arakesmeden soňra Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi dowam etdirildi.
Türkmen Lideri Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasynyň geçiriljekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu çärä taýýarlyk görmek we ony ýokary derejede geçirmek üçin döwlet toparynyň döredilýändigi yglan edildi hem-de onuň düzümini we ýerine ýetirmeli çäreleriniň meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekildi.