2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy. Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi.
Merkezi saýlaw toparynyň habar berşi ýaly, ses bermegiň netijelerine görä:
- Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;
- Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 %;
- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;
- «Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;
- Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;
- Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;
- Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;
- Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 % ses aldylar.
Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi.