Arhiw

Italiýadaky uçastogyň saýlawçylary sagat 13:00-a çenli 100 göterim ses berdiler

11:0013.03.2022
0
5400

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary mynasybetli daşary ýurtlardaky saýlaw uçastoklarynyň biri ýurdumyzyň Italiýadaky ilçihanasynda açyldy.

Rimdäki diplomatik edarada ses bermäge Türkmenistanyň Italiýadaky raýatlarynyň 64-si gatnaşdy ― diýip, «Orient» ýazýar.

Eýýäm gündiz sagat 13:00-a çenli olaryň ählisi öz seslerini berdiler. Ses berenleriň arasynda türkmenistanly talyplar we dostlukly döwletde işleýän ildeşlerimiz bar.

Şeýlelikde, Rim şäherindäki ilçihanamyzda döredilen bu uçastok möhüm syýasy işi iň ir tamamlan uçastoklaryň biri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň