Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitçiniň» ýarym goragçysy Merdan Gurbanow «Aşgabadyň» hataryna goşuldy

14:5009.03.2022
0
4130

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 30 ýaşly ýarymgoragçysy Merdan Gurbanow, täze möwsümde «Aşgabat» toparynda çykyş eder. Ol bu topara Balkanabadyň «Nebitçisinden» geçdi. Bu barada TFF habar berdi.

Karýerasyna mundan 13 ýyl ozal «Aşgabadyň» düzüminde başlan ýarymgoragçy soňra HTTU, «Ahal», «Dnepr» (Belarus), «Nebitçi», «Şagadam» ýaly toparlarda çykyş etdi. Ol 2009-njy we 2016-njy ýyllardan soň, «Aşgabadyň» düzümine üçünji gezek gaýdyp geldi.

Merdan Gurbanow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň düzüminde 8 duşuşyga çykdy. Ol 2018-nji we 2019-njy ýyllarda, «Ahalyň» düzüminde AFK-nyň kubogyndaky duşuşyklara hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň