Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly we daşary ýurtly talyplar halkara matematika olimpiadasyna çagyrylýar

12:0009.03.2022
0
6591

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin Matematika boýunça açyk olimpiada (OMOUS-2022) guraýar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berýär.

Oňa gatnaşmaga türkmen we daşary ýurt talyplary çagyrylýar. Matematika gözden geçirilişine dünýä ýurtlarynyň 15-den gowragyndan – şol sanda Russiýadan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Eýrandan, Rumyniýadan, Polşadan, Gresiýadan, Indoneziýadan, Hytaýdan we beýleki ýurtlardan wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Olimpiada şu ýylyň 27-30-njy arpreli aralygynda geçiriler. Ol onlaýn görnüşde şahsy we toparlaýyn tapgyrlarda türkmen hem-de iňlis dillerinde geçiriler. Şahsy bäsleşik iki derejä bölüner. Birinjisinde matematika we informatika ugrundan bilim alýan talyplar, ikinjide – oňa ugurdaş bolmadyk ugurlardan bilim alýanlar gatnaşarlar. Bäsleşige gantaşýanlara 6 mesele we olary çözmäge 240 minut (4 sagat) wagt berler.

Toparlaýyn bäsleşiklere hünärine garamazdan hatarynda 4 adamdan köp bolmadyk toparlar gatnaşarlar. Toparlar iki sagatda (120 minutda) 10 mesele çözerler.

Oňa gatnaşjak ýokary okuw mekdepleriniň sany çäklendirilmeýär. Olimpiadada çykyş etmek isleýänler HYYweÖU-iň www.iuhd.edu.tm resmi saýtynyň akademiýa/ýaryşlar bölüminde hasaba durup bilerler, onda olimpiadanyň geçirilýän senesi we onuň guramaçylary bilen habarlaşmak üçin goşmaça maglumatlar ýerleşdirilendir.

HYYweÖU-de Matematika boýunça olimpiada üstünlikli geçirilip gelinýär. Mysal üçin, geçen ýyl OMOUS-2021 meýdançasynda dünýä ýurtlarynyň 17-sinden ýokary okuw mekdepleriniň 84-sinden 600-e golaý adam gatnaşdy. Şonda şahsy we toparlaýyn tapgyrlaryň netijesi boýunça türkmen talyplary daşary ýurtly bäsdeşlerinden has öňe saýlandylar. Ýaryşy guran ýokary okuw mekdebiniň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bäsleşikde has köp medal gazandylar.

HYYweÖU matematika ökde talyplaryna guwanýar, olar dürli derejedäki ýaryşlarda biliminiň ýokarydygyny görkezýärler. Şunda uniwersitetiň olimpiadaçylar toparynyň ýolbaşçysy, takyk we tebigy ylymlar kafedrasynyň matematika mugallymy Pirmyrat Gurbanowyň hyzmaty uludyr, ol ençeme ýyl bäri talyplary matematika boýunça bäsleşikleriň ählisine taýýarlap gelýär.

Bu ugurda iň güýçli matematikaçylar toparynyň biriniň - Magtymguly adyndaky TDU-nyň toparynyň, elbetde, onuň ýolbaşçysy, matematika analizi kafedrasynyň müdiri, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty Nurmuhammet Gurbanmämmedowyň üstünligini bellemek gerek.

Bu ugurda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri hem gowy netije görkezýärler, olarda talyplara netijeli bilim bermek we halypaçylyk işi ýola goýlupdyr. Mysal üçin, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň we ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerli hem-de daşary ýurtly talyplara mynasyp bäsdeş bolýarlar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň köplenç nygtaýşy ýaly, häzirkizaman milli bilim ulgamynda iş we okuw, kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli şertler döredilen, şonuň üçinem döwletiň hem-de ýokary okuw mekdepleriň bilelikdäki işi ýokary netijeler berýär, olar halkymyzyň we umuman ýurdumyzyň üstünlikleridir gazananlaryny artdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň