Serdar Azmun Bundesligadaky ilkinji duşuşygyna çykdy

22:4005.03.2022
0
7921

Eýranly türkmen Serdar Azmun Lewerkuzen şäheriniň «Baýer» toparyndaky ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi.

Azmunyň Bundesligadaky ilkinji duşuşygy 25-nji tapgyrdaky «Bawariýa» ― «Baýer» oýnuna gabat geldi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

Serdar Azmun 89-njy minutda Mussa Diabiniň ornuna oýna girdi we 5 minut çemesi meýdanda galdy.

25 duşuşykda 59 utuk toplan «Bawariýa» häzir Bundesliganyň başyny çekýär. «Baýer» bolsa toplan 45 utugy bilen üçünji orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň