Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan görkezilen dalaşgärler nobatdaky duşuşyklaryny geçirdiler

22:1303.03.2022
0
6163

Mary welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige ýurdumyzyň Agrar partiýasy tarapyndan hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Agrar partiýanyň Mary welaýat komitetiniň başlygy S.Süleýmanow bu ýerde geçirilýän duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary T.Bäşimowa söz berdi. Ol bu ýere ýygnananlary A.Bekmyradowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyrmak bilen, dalaşgäriň inžener-gurluşykçynyň hünärini ele alyp, özüni ýaş, başarjaň ýolbaşçy, jemgyýetçilik guramalarynda we ýerli ýerine ýetiriji edaralarda işläp, ýeterlik tejribe toplan hünärmen hökmünde görkezendigini aýtdy.

Soňra A.Bekmyradowa söz berildi. Ol duşuşyga gatnaşyjylary saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.

Dalaşgär ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni maksatnamalaryň çäklerinde döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny berkitmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny dikeltmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirmegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady. Ol döwlet syýasatynda durmuş ulgamyna uly üns berlip, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, medeniýetiň, syýahatçylygyň, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegine, ýurdumyzda şäher ilaty bilen bir hatarda, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagyna mümkinçilik berýän giň möçberli durmuş-ykdysady taslamalaryň yzygiderli amala aşyryljakdygyny belledi.

Dalaşgär ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny ösdürmek barada aýdyp, halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň pugtalandyrylmagyny, döwletimiziň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji merkez hökmündäki ornunyň berkidilmegini şertlendirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugur bolmagynda galjakdygyny nygtady.

A.Bekmyradow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň geljekki ugurlary baradaky gürrüňi dowam edip, sebitleri, şol sanda Mary welaýatyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine ünsi çekdi. Prezidentlige dalaşgär ykdysadyýet, ulag-aragatnaşyk pudaklarynda ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegini esasy ugur edinýän maksatnamalaryň meýilnamalaýyn we yzygiderli esasda amala aşyryljakdygyny belledi, welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, olaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri barada aýdyp, bu möhüm wezipeleri çözmek ugrunda ähli zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem dalaşgär ýurdumyzyň önümçilik-ykdysady ulgamyna innowasiýalary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça wajyp çözgütleriň kabul ediljekdigini nygtady.

Soňra A.Bekmyradow saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi. Bu bolsa oňa saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň ugurlaryny has-da anyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär gyzyklanmalar we berlen üns üçin hoşallyk bildirip, saýlawçylary milli demokratik ýörelgelere, jemgyýetimiziň bitewüligine, medeni we ruhy gymmatlyklaryň ähmiýetine esaslanyp, halkymyzyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, bazar gatnaşyklary şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegi, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy, hukuk döwletiniň, halkymyzyň bitewüliginiň mizemezligi ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ýene bir ýola ynandyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Mary welaýatynyň saýlawçylary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan hödürlenen “Wepaly gurluşyk” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Babamyrat Meredow bilen duşuşdylar.

Dalaşgäriň ynanylan wekili — “Eşretli kenar” hususy kärhanasynyň direktory B.Berdimyradow bu ýere ýygnananlary dalaşgäriň zähmet ýoly bilen tanyşdyrdy we ony ak ýürekli, ýokary hünärli, guramaçylyk ukyply, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan mynasyp şahsyýet hökmünde häsiýetlendirdi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär, öz gezeginde, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy barada aýdyp, şäher ilatynyň we oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyny şertlendirýän giň möçberli durmuş-ykdysady ugurlara ünsi çekdi.

B.Meredow döwletimiziň hukuk, demokratik esaslaryny berkitmek işlerini dowam etmek bilen bir hatarda, dürli pudaklary ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin hem-de toplumlaýyn wezipeleri ýerine ýetirmegi maksat edinýändigini nygtady.

Dalaşgäriň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, awtomobil hem-de demir ýollaryň, gaz we elektrik geçirijileriň gurluşygynyň dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Şeýle hem ol ýurdumyzyň telekeçiligine goldaw bermek meselelerine ünsi çekdi. Hususan-da, olara maliýeleşdirmek, ýeňillikli karz serişdelerini almak, önümçilik hem-de durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygynda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we enjamlaryny ulanmak babatda zerur goldaw berler. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän täze hususy önümçilikleri döretmek, Türkmenistanda öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň görnüşlerini we mukdaryny artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrmak meselelerine aýratyn üns berler diýip, B.Meredow belledi. Çykyşda daşary syýasat barada hem aýdylyp, sebit bähbitlerine laýyk gelýän we Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji döwlet hökmündäki abraýynyň belende galmagyny şertlendirýän halkara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda dalaşgär bu ýere ýygnananlaryň köp sanly sowallaryna jogap berdi hem-de saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynyň obasenagat toplumyna goldaw bermek bilen baglanyşykly ugurlaryny tassyklady.

B.Meredow saýlawçylaryň mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine mynasyp dalaşgäre ses berjekdiklerine ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň