Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdy

22:2601.03.2022
0
9420

Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Milli parlamentiň iki palatasynyň hem deputatlary bilen bolan duşuşykda Esasy Kanunynyň kadalaryny we düzgünlerini täze zamanyň ruhuna we talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek meseleleri barada durup geçdi. Bu barada türkmenistanlylar «Watan» habarlar gepleşiginden diňlediler.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy dünýä tejribesini, konstitusion kanunçylygyň kadalaryny we düzgünlerini ýene-de bir gezek jikme-jik öwrenmek aýratyn möhümdir. Şu meselede döwlet häkimiýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek, hukuklaryna, borçlaryna we ygtyýarlyklaryna gaýtadan seretmek şol teklipleri taýýarlamakda esasy soraglar bolmalydyr diýip, milletiň Liderim aýtdy.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan düýpli özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek boýunça bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ençeme möhüm wezipeler ýüze çykýar. Şol pudaklaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek zerur bolup durýar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwletimiziň we jemgyýetimiziň, her bir şahsyýetiň bähbitlerini nazara almak bilen, biz döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýadymyzy hemişe kämilleşdirip durýarys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri ýurdumyzyň Esasy Kanunyna 2020-nji ýylda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslarynyň döredilendigini belledi. Esasy Kanunymyzyň we Saýlaw kodeksimiziň täze düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary üstünlikli geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşiniň täze döwründe taryhy waka boldy. Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykardy. Kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berdi diýip, döwlet Baştutany belledi.

Konstitusiýamyzyň binýat goýujy ýörelgeleridir kadalary esasynda kanunlaryň, kodeksleriň we kararlaryň ýüzlerçesini kabul etdik. Jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny, häzirki döwrüň talaplaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini goldanyp, konstitusion, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleri amala aşyrdyk. Köp partiýaly saýlaw ulgamyny döredip, iki palataly parlament ulgamyna geçdik diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň