Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

21:5027.02.2022
0
6274

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Abdul Hamide we ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Bangladeş Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen Lideri gutlag hatynda: «Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar» diýip belledi hem-de Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, oňyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Mohammad Abdul Hamide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň