AFK klublaýyn ýaryşlardaky legionerleriň sanyny artdyrdy

01:1626.02.2022
0
5859

2023 ― 2024-nji ýyllaryň futbol möwsüminden başlap, AFK-nyň Çempionlar ligasyna we Afk-nyň kubogyna kubogyna gatnaşýan toparlarmeýdandaky legioner (daşary ýurtly) futbolçylaryň sanyny 6-a çenli artdyrar. Bu karar AFK-nyň Ýeerine ýetiriji komiteti tarapyndan kabul edildi diýip,, guramanyň resmi web saýty habar berýär.

Mundan soň düzümde 5 sany daşary ýurtly we 1 sany AFK-nyň düzümine girýän ýurtda futbolçy bolup biler. Ozal bu çäk 3+1 görnüşindedir.

Şeýle hem şu möwsümden başlap, toparlar AFK derejeli ýaryşlar üçin 30 däl-de, 35 futbolçyny giňişleýin düzümde görkezip bilerler.

Türkmenistanyň toparlarynyň, häzirlikçe, yklym ýaryşlaryna legionersiz gatnaşýandygyny ýatladýarys. Bu biziň futbolçylarymyzyň halkara tejribesiniň artmagyna oňyn täsir edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň