AFK yklymlaýyn ýaryşlaryň geçirilýän döwrüni üýtgedýär

01:0026.02.2022
0
5047

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti klub ýaryşlaryny geçirmek üçin täze görnüşi tassyklady. 2023-nji ýyldan başlap, AFK-nyň Çempionlar ligasy we AFK-nyň kubogy güýz ― ýaz ulgamyna laýyklykda geçiriler ― diýip guramanyň resmi web saýty habar berýär.

Täze düzgüne 2023/2024-nji ýyllaryň futbol möwsüminden geçiler. Has takygy, yklymlaýyn ýaryşlaryň möwsümi 2023-nji ýylyň güýzünde başlar we 2024-nji ýylyň baharynda tamamlanar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň wekilleri geljek ýyldan başlap, AFK derejeli ýaryşlara güýz paslynda girişer.

Bu başlangyç gözbaşyny geçen ýyldan alyp gaýdýar. AFK bu kararyň esasy sebäpleri hökmünde oýunçylaryň transferleri we tälimçilere gol çekmek, çempionatda arakesmeler we möwsümden öňki türgenleşigiň wagty bilen futbol dünýäsiniň galan bölekleri bilen sazlaşmagyň mümkinçiligini görkezýär.

AFK-nyň häzirki ýaz ― güýz ulgamyna 2004-nji ýylda geçendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň