Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanda güýçli gar ýagdy

17:1024.02.2022
0
3575
Hindistanda güýçli gar ýagdy
Surat: mir24.tv

Hindistanyň demirgazyk sebitinde güýçli gar ýagdy. «Mir 24» habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ýurduň Kaşmir ştaty uly gar siklonynyň ygtyýarynda galdy. Garyň dowamly ýagmagy sebäpli bu ýerde beýikligi 60 santimetre ýetýän, daglyk ýerlerinde bolsa iki esse beýik bolan gar syrgynlary emele geldi.

Ygally howa milli awtomagistralyň ugrunda dürli görnüşli süýşgünlere we daş gaýtmalara sebäp boldy we munuň netijesinde Kaşmir bilen beýleki ştatlary birleşdirýän ýeke-täk ýoluň ugrunda hereket çäklendirildi. Mundan başga-da, demir ýol we howa gatnawy togtadyldy. Garyň ýagmagy elektrik geçirijilerine hem zeper ýetirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň