Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda «De Beers Cullinan Blue» brillianty tanyşdyryldy

14:3324.02.2022
0
3269

Dubaýda «Sotheby’s» auksion öýi tarapyndan agramy 15,10 karatlyk seýrek duş gelýän mawy brilliant tanyşdyrmak üçin sergä goýuldy. «De Beers Cullinan Blue» atlandyrylýan, bahasy ABŞ-nyň 48 million dollaryna barabar diýlip kesgitlenilýän açyk mawy reňkli täsin brilliant Dubaýyň almaz birža meýdançasynda köpçüligiň dykgatyna ýetirildi.

Gyzyklanýanlar üçin hödürlenen brilliant daşy diňe bir auksion satuwynyň taryhynda iň uly açyk mawy brilliant bolman, eýsem, ol Amerikanyň Gemmologiýa instituty tarapyndan baha bermek üçin tabşyrylan ähli daşlaryň hatarynda hem iň uly gymmatbahaly daşdyr — diýlip, russianemirates.com saýtynda ýazylýar. Bu seýrek brilliantyň ýasalan almazy 2021-nji ýylda Günorta Afrika Respublikasyndan tapyldy.

«De Beers Cullinan Blue» brillianty 2022-nji ýylyň aprelinde Gonkongda geçiriljek auksionda satylar. Bu daş «Sotheby’s-iň» hepdelik auksionynyň kaşaň gymmatlyklarynyň hatarynda esasy bezege öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň