Soňky habarlar

Arhiw

Zehinli şahyr Çary Ýegenmyradowyň ilkinji ýygyndysy çapdan çykdy

01:0221.02.2015
0
12122

Aşgabat, 21.02.2015. “Türkmenportal”.

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy ýiti zehinli, özboluşly şygyrlary bilen ýatda galan, aramyzdan ir giden Çary Ýegenmyradowyň ilkinji goşgular ýygyndysyny okyjylara hödürledi. Bu kitapda şahyryň 100-den gowrak eseri şygyr muşdaklaryna hödürlendi.

Öz gysga ömründe okyjylaryň ýüreklerinde ýer alan Çary Ýegenmyradow 1983-nji ýylda M. Gorkiý (häzirki Magtymguly) adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdi. Onuň şygyr sungatynyň öňden dowam edip gelýän däplerini mazmun we edebi çemeleşiş babatda baýlaşdyran goşgulary şol döwürden belli bolup başlady.

Ol dürli ýyllarda “Ýaş kommunist”, “Galkynyş” gazetleriniň redaksiýasynda işledi, gum içindäki Diňli obasynda mugallymçylyk etdi. Ol haýsy temada eser döretse-de, öz sözüni özüçe aýtmaga çalyşdy. Şahyryň durmuş äheňlerinden, Garagumuň gözelliklerinden, gumlularyň durmuşyndan, iş-aladalaryndan söhbet açýan goşgulary diňe şu günki gün däl, eýsem, gelejekde-de söýlüp okalar.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň