Elanga «Mançester Ýunaýtedi» Madriddäki ýeňlişden halas etdi

10:4424.02.2022
0
3051

UEFA-nyň web saýtyndaky habaryna görä, Entoni Elanganyň goly «Mançester Ýunaýtede» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Atletiko Madrid» bilen 1: 1 hasabynda deňme-deň oýnamaga mümkinçilik berdi.

Duşuşygyň 7-nji minudynda ýer eýeleri öňe saýlandy ― Žoao Feliks Renan Lodiniň özüne geçiren pökgüsinden soň tapawutlandy we toparyny öňe çykardy. «Mançester Ýunaýted» hasaby diňe 19 ýaşly Elanganyň goly bilen deňläp bildi.

Duşuşykda esasy artykmaçlyk «Atletiko Madridiň» tarapynda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň