Auksionda 300 müň dollara itýatak satylar

18:5419.02.2022
0
4244
Auksionda 300 müň dollara itýatak satylar
Surat: daily.afisha.ru

«Christie’s» auksionynda alyjylara adaty bolmadyk lot hödürlener. 2019-njy ýylyň 23-nji aprelinde Kosta-Rikanyň Aguas-Sarkas şäherinde meteorit bilen deşilen itýatak şeýle lot bolar. Gürrüň «Meteorit ýagşy» diýlip atlandyrylýan hadysanyň dowamynda Roki atly nemes owçarkasynyň asteroid bilen deşilen ýatagy barada gidýär, munuň dowamynda itiň özüne zeper ýetmeýär. Itiň eýeleri zeper ýeten ýatagy zyňman, ony saklap galýarlar we ahyrsoňy auksionda satmak pikirine gelýärler. «Daily.afisha.ru»-nyň habaryna görä, ýatagyň eýeleri ony auksiona çykarmagyň netijesinde 200 müňden 300 müň dollara çenli girdeji gazanmagy maksat edinýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň