Penşenbe güni Liwanyň Parlamenti ýurduň täze Prezidentini saýlady, ol Liwanyň harby goşunlarynyň 60 ýaşly serkerdebaşysy, Ýaragly güýçleriň generaly Jozef Aun boldy. Prezidentiň wezipesi täze döwlet Baştutanynyň familiýadaşy Mişel Aun 2022-nji ýylda ygtyýarlylyk möhleti tamamlanyp, iş başyndan gidenden soňra iki ýyllap boş durdy diýip, «MIR 24» ýazýar.
Jozef Aun deputatlaryň 128-siniň 99 sanysynyň sesini aldy, ýeňiş üçin Parlamentiň azyndan 86 agzasynyň goldawy gerekdi.