«Bellator» Gran-priniň final tutluşygynyň senesini mälim etdi

17:2218.02.2022
0
9512

«Bellator» garyşyk söweş sungatynyň guramasy tarapyndan geçirilýän ýarym agyr agram derejesi boýunça Gran-priniň final tutluşygy 15-nji aprelde bolar. Guramanyň habar bermegine görä, köp wagt bäri garaşylýan bu çempionlyk tutluşygy ABŞ-nyň San-Hose şäherinde (Kaliforniýa) geçiriler.

Final tapgyrda «Bellator» ligasynyň ýarym agyr agram boýunça çempiony Wadim Nemkow bilen amerikaly Kori Anderson bir million dollar möçberinde goýlan baýrak ugrunda göreşer. Aslynda bu iki söweşijiniň tutluşygy dekabr aýynyň ahyryna meýilleşdirildi, soň bolsa ol ýanwar aýyna süýşürildi. Indi bolsa käbir ýagdaýlara görä, çempionlyk tutluşygyny aprel aýynda, Bellator 277 ýaryşynyň çäginde geçirmek meýilleşdirilýär.

Türgenleriň bu ýaryşda geçiren tutluşyklary barada aýdylanda, Kori Anderson soňky gezek Raýan Beýderi birinji döwde tehniki nokaut bilen ýeňdi. 2021-nji ýylyň aprelinde bolsa ol türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradowdan üçünji döwde tehniki nokaut bilen üstün çykmagy başardy. Ol häzire çenli bu ugurda geçiren tutluşyklarynyň 18-isinde ýeňdi we 5-isinde garşydaşyndan asgyn geldi.

Wadim Nemkow bolsa soňky tutluşygynda Julius Englikasy ýeňip, final tapgyryna çykdy. Ol söweş sungatynyň degişli ýaryşlarynda häzire çenli 14 gezek ýeňip, 2 gezek ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň