Döwletjan Ýagşymyradow teswirledi...

22:1718.04.2021
0
45131

«Düýn meniň günüm däldi. Bir ýalňyşlyk boldy. Tamany ödäp bilmändigim üçin bahana gözlämok. Ýöne näme boldy? Bu ― synag, çydamaly. Ine, görersiňiz, men has güýçli bolup gaýdyp gelerin».

Bu sözler garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly pälwan Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator 257-niň çäginde amerikaly Kori Anderson bilen geçiren tutluşygyndan soňra sosial aragatnaşyk torlarynyň birinde galdyran setirleri. Ozal hem habar berşimiz ýaly, tutluşyk amerikaly pälwanyň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

Bellatordaky ilkinji tutluşygyny şowsuz geçiren ildeşimiz üçünji döwde tehniki nakaut bilen ýeňildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň