Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň kubogy ― 2022: Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy açylyş duşuşygynda çykyş eder

21:0017.02.2022
0
4800

Şu gün habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň final böleginde «A» toparçanyň wekili bolady.

Türkmen futbolçylary yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 1-nji iýunda ýer eýeleri ― Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen geçirer. Bu duşuşyk, şol bir wagtyň özünde, ýaryşyň açylyş oýny bolar. Şonuň üçin hem oňa dünýä jemgyýetçiliginden gyzyklanmanyň uly boljakdygyny häzirden aýdyp bileris.

Biziň ildeşlerimiz ikinji duşuşygyny 4-nji iýunda Eýranyň, üçünji duşuşygyny bolsa 7-nji iýunda Kataryň ýygyndysy bilen geçirer. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, her toparda öňdäki iki orny eýelän ýygyndy ýaryşy çärýek finallar bilen dowam etdirmäge hukuk gazanar.

Garşydaşlarymyz ― iňňän tejribeli ýygyndylar. Ýer eýeleri bu ýaryşa bäşinji, Eýran bilen Kataryň ýaşlar ýygyndylary dördünji gezek gatnaşýar. Özbegistanyň ýaşlary 2018-nji ýyldaky yklym çempionatyň hem ýeňijisidir. Şol ýyl Kataryň ýygyndysy üçünji orna mynasyp bolupdy. Eýranyň ýygyndysy 2016-njy ýylda çärýek finala çenli baryp ýetdi.

Ýeri gelende aýtsak, 23 ýaşa çenli bolan ýygyndylaryň arasyndaky yklym ýaryşy 2013-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Şu ýyl täze dünýä ýyldyzlaryny çykarýan ýaryşyň bäşinjisi geçiriler. Yzda galan dört ýaryşda dört çempion ýüze çykdy. Olar Yragyň, Ýaponiýanyň, Özbegistanyň we Koreýa Respublikasynyň ýaşlar ýygyndylarydyr. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy yklym ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşar. Muňa garamazdan, türgenleşmek üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler olaryň Watanymyzyň sport abraýyny goramakda mynasyp çykyş etjekdigini buşlaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň