Gün ulgamyndaky täze bir jisimiň üsti açyldy

15:0017.02.2022
0
3561
Gün ulgamyndaky täze bir jisimiň üsti açyldy

Watikan astronomlary tarapyndan Gün ulgamynda Neptunyň aňyrsynda aýlanýan täze bir jisim tapyldy. Bu kosmiki obýekt 2021 XD7 diýlip atlandyrylýar, Günüň daşyndan doly aýlawy 286 ýylda edýär. Onuň ölçeginiň iň kiçi planeta Plutondan hem has kiçi bolmagy ahmal. Mir 24-iň habar bermegine görä, 2021 XD7-iň orbitasy üýtgeşik bir görnüşe eýe, Marsyň we Ýeriňkiden has egri.

Alymlaryň pikiriçe, transneptun orbitalaryndaky üýtgeşmeler bir zadyň agyrlygy bilen baglanyşykly, bu aýratynlyga eýe bolan jisimiň kömegi bilen bolsa alymlar syrly Dokuzynjy planetany hem tapyp bilerler. Näbelli planetanyň Ýerden takmynan dört esse uludygy we Günüň daşyndan doly aýlawy örän uzyn wagtyň dowamynda — 10 ýyldan 20 müň ýyla çenli dowam etmelidigi çak edilýär. Käbir çaklamalara görä, Dokuzynjy planetanyň Günden 46,5 milliard mil (74,8 milliard km) uzaklykda ýerleşýän bolmagy hem mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň