Arhiw

2-nji martda Özbegistanyň futbol çempionatyna badalga berler

17:0515.02.2022
0
5035

Özbegistanyň futbol boýunça Superligasynyň täze möwsümine 2-nji martda badalga berler. Bu barada ýaryşyň resmi saýty ýazýar.

Ýaryş Özbegistanyň PFL-niň taryhynda 31-nji gezek geçiriler. Häzirlikçe senanama 29-njy maýa çenli tassyklanyldy. Oňa «Nasafyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda görkezjek netijesi bilen baglylykda üýtgeşmeleriň girizilmegi ahmal.

Özbegistanyň çempionlygy üçin ýaryşa 14 topar goşular. Olar iki aýlawda ýaryşarlar. Çempionat bahar ― güýz görnüşinde geçiriler.

Özbegistanyň häzirki çempionynyň Daşkendiň «Pahtakor» toparydygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň