«Hazar logistik» kärhanasy howa ýük daşamalaryny ygtybarly ýerine ýetirýär

15:0615.02.2022
0
8897

«Hazar logistik» ulag logistika kärhanasy Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy kärhanalary üçin ýurduň içine we daşyna howa gatnawlary arkaly ýükleri daşamagyň guramaçylyk hyzmatlaryny hödürleýär.

Kärhana tarapyndan işjeň ýola goýlan giň gerimli ýük gatnaw ugurlary (Russiýa, Türkiýe, Hytaý we beýleki ýurtlar) we amatly gatnaw ýollaryny işläp düzmekdäki baý tejribesi kärhananyň ýerine ýetirýän hyzmatlary üçin bäsdeşlige ukyply bahalaryny üpjün edýär.

«Hazar logistik» kärhanasy arkaly howa ýük daşama hyzmatlary amala aşyrylanda kärhana tarapyndan eksport-import amallarynyň gümrük işleri ýerine ýetirilýär hem-de howa menzillerinde ýükleri ammarlarda ýerleşdirmek işleri guralýar.

Kärhana daşamasy ýörite şertleri we seresaplylygy talap edýän ýükleri gatnatmakda hem uly tejribä eýedir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň