Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

23:4807.02.2022
0
5665

7-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Gazagystanyň Daşary işler ministri M.B.Tleuberdiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda ministrler Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň çygrynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu nukdaýnazardan, taraplar hökümetara hereketleriň, hususan-da Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň ugry boýunça gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegi babatynda ylalaşdylar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň