Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Türkmen Lideri türk kärdeşine telefon arkaly söhbetdeşligi kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň Türkiýäniň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň ýiti ýokanç kesel bilen keselländigi baradaky habary gynanmak duýgusy bilen eşidendigini beýan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti söhbetdeşligiň dowamynda şeýle belledi:
– Siz özüňiz mahsus bolan gujur-gaýrat, ruhy durnuklylyk bilen, nesip bolsa, bu ýokanjy ýakyn wagtda ýeňjekdigiňize hem-de gutuljakdygyňyza berk ynanýarys. Hormatly doganym, pursatdan peýdalanyp, zerur bolan halatynda Size hemişe ýardam bermäge biziň taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin. Gadyrly, eziz doganym, Rejep Taýyp Ärdogan! Men sözümiň ahyrynda özümiň hem maşgalam Ogulgeregiň adyndan Siziň we maşgalaňyz, doganymyz Emine hanyma gysga wagtda bu keselden gutulmagyňyzy we saglygyňyzyň dikeldilmegini Beýik Biribardan dileg edýärin. Goý, Siziň we ýakynlaryňyzyň hemişe jany sag. Saglykda görüşeliň!
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkiýäniň Prezidenti tüýs ýürekden çykýan duýgudaşlyk sözleri hem-de hoşniýetli arzuwlary üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkiýäniň we Türkmenistanyň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezdigine berk ynam bildirdi.
«Türkmenportal» habarlar portalymyzda türkmen Lideriniň we maşgalasynyň Türkiýäniň Prezidentine we onuň maşgalasyna tiz wagtda sagalmagyny arzuw edip hat ýollandygy barada habar beripdik.