Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ermeni kompozitory bäş tarly täze saz guralyny döretdi

17:3307.02.2022
0
3892

Ermenistanyň Ýerewan şäherinde ýaşaýan, kompozitor Grigor Arakelýan, orta asyr wiolasyny we gadymy juty saz guralyny utgaşdyryp, täze 5 tarly saz guralyny döretdi. Bu saz guraly daşky keşbi taýdan, gadymy ermeni kemençe kemanyna meňzeýär. Bu diňe daşky keşbi bilen meňzeşleşlik bolman, eýsem, özüniň owazy bilen Barokko saz guralyna çalymdaş. Bu barada MIR 24 saýty habar berýär.

Kompozitor Grigor Arakelýan «Adamlar, haçan-da bu saz guralyny diňlänlerinde, bu ajaýyp owazyň gadymy we orta asyrlary ýada salýandygyny we olara diýseň täsirli duýgulary berýändigini aýtýarlar. Meniň pikirimçe, bu owaz adamlary edil şol wagtlara alyp gitmegi bilen çäklenmän, eýsem, duýguly ýa-da duýgur pikirlenmegine getirýär we öz täsirini galdyrýar».

Sazanda, bu saz guralynda çalynýan her esere, özüniň aýratyn öwüşgünini, manysyny we duýgur häsiýetlerini berip, edil öz eseri, pýesasy ýaly ýerine ýetirýär. Bu, täze saz guralyny häzirlikçe kompozitoryň diňe özi çalýar. Käwagt, owaz aşyklaryna we ermeni wiolasynyň tehnikasyna gyzyklanma bildirýänlere uly höwes bilen okuw sapagyny berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň