Soňky habarlar

Arhiw

Sadio Mane Afrika kubogynda «Ýylyň oýunçysy» diýen ada eýe boldy

17:2307.02.2022
0
5294

«Senegalyň» ýarymgoragçysy Sadio Mane Afrika ýurtlarynyň kubogynyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy.

Kamerunda geçirilen ýaryşyň ýeňijisi soňky oýunda Müsüriň milli ýygyndysy «Ýegipeti» ýeňen «Senegal» topary boldy. Duşuşyk Ýaund şäherinde geçirildi. Esasy we goşmaça wagt pökgüsiz tamamlandy, «senegallylar» jerime urgusynda garşydaşlaryndan üstün çykyp, 4:2 hasap bilen ýeňiji bolmagy başardylar.

«Liwerpulyň» 29 ýaşly senegal hüjümçisi Mane, ýaryşda milli ýygyndy üçin ýedi oýunda üç pökgi we bir ýardam pasyny berdi.

Belläp geçsek, «Senegal» taryhynda ilkinji gezek Afrika kubogyny almagy başardy.

Şeýle-de okaň!


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň