Soňky habarlar

Arhiw

Yklym ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezileşdirilen görnüşde geçiriler

13:0207.02.2022
0
865

Futbol boýunça Aziýa kubogy ― 2023-iň jemleýji saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web saýtynda habar berilýär.

AFK-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bu karara gelmeklerini pandemiýa bilen bagly ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýarlar.

Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2022-nji ýylyň 8-nji, 11-nji we 14-nji iýunynda geçiriler.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 10-njy fewralda täzelenjek FIFA-nyň reýtinginde eýelejek ornuna laýyklykda, Aziýa kubogynyň 3-nji saýlama tapgyrynyň bije çekişliginde, ikinji sebede düşmegine garaşylýar.

Bije çekişligiň netijesinde toparçalaryň 6-sy emele geler. Duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde geçiriljek toparçalaýyn bäsleşigiň netijesinde her toparçanyň ýeňijisi bilen ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň 5-si Aziýa Kubogynyň final böleginde çykyş etmäge mümkinçilik alar.
Yklym ýaryşynyň final böleginiň 2023-nji ýylyň 16-njy iýuny bilen 16-njy iýuly aralygynda Hytaýyň 10 şäherinde (Pekin, Týanszine, Şanhaý, Çunsin, Çendu, Sian, Dalýan, Sindao, Sýamyn Suçjou) geçirilmegine garaşylýar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň