Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatly zenan ýüzärlik telekeçiligini gurady

14:0006.02.2022
0
26731

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Jeren Täçmyradowna Tagandurdyýewa ýüzärlik telekeçiligi, has dogrusy ýüzärlikden ajaýyp suratlary döretmek bilen meşgullanýar. Boýaglaryň we dürli monjuklaryň kömegi bilen adaty ýaly görünýän bir ösümlikden örän täsin gözellik döretmegi başarýar.

Bu pikir tötänleýin peýda boldy. Hünäri boýunça ykdysadyýetçi, höwesi boýunça suratkeş Jeren ýakyn adamynyň doglan güni üçin üýtgeşik sowgat bermek isledi. Ilki başlarda bu oňa ýönekeý bir güýmenje boldy. Soňra onuň esasy işine öwrüldi.

Jereniň döreden suratlarynyň meşhurlygy artyp başlady – indi ol günüň dowamynda birnäçe surat çekýär. «Jeren Gözli» ady bilen sosial ulgamlarda has gowy tanalýan pikiriň awtory sargytlary onlaýn alýar. Owadan gözleri bolany üçin ony bir gezek daýzasy şeýle atlandyrypdyr. Jeren bu ady şeýle bir halapdyr hat-da Instagramdaky şahsy sahypasyna hem şeýle at dakmaly diýen karara gelipdir.

Müşderileriň aglaba bölegi zenanlar bolup, olar ejeleri, uýalary üçin surat çekmegi ýa-da täze jaýlary üçin bezegleri haýyş edýärler.

Müşderileriň arasynda diňe Aşgabadyň ýaşaýjylary däl, eýsem-de ähli welaýatlardan, hat-da Gazagystan, Eýran hem-de Türkiýe ýaly ýurtlardan hem müşderiler bar.

Her bir surata aýratynlyk mahsus, Jerenden ylhamy nireden alýandygyny soranlarynda ol ynam bilen: «Maňa gelýän synlardan (seslenmelerden)» diýip jogap berýär. Müşderileri köplenç seslenme iberýärler we sowgatlyk bezegiň şowly çykandygyny habar berýärler. Müşderilerden gelýän oňyn seslenmeler - Jeren üçin ylham çeşmesi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň