Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly talyp gyzlaryň arasynda «Talyp gözeli — 2022» atly gözellik bäsleşigi yglan edildi

16:5901.02.2022
0
3338

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda «Talyp gözeli — 2022» atly gözellik bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşigiň şertleri:

1. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny görkezmeli (talyp gyzlar öz isleglerine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler, wagty 5 minut).

2. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmeli (wagty 10 minut).

3. «Hünärim bar — hormatym bar» — bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp zenan özüniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmeli (wagty 10 — 15 minut).

Bellik: Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan 17 — 30 ýaş aralygyndaky talyp gyzlar gatnaşyp, olaryň her biri öz okaýan ýokary okuw mekdebiniň nyşany bilen çykyş etmeli.

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

Bäsleşik, ilki bilen, Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 4-inden 25-i aralygynda geçiriler. Ýokary okuw mekdepleriniň hersinden ýeňiji bolan, ýagny 1-nji orny eýelän talyp gyz paýtagtymyzda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 1-inden 7-si aralygynda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlyklary şol ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak talyp gyzyň maglumatlaryny 2 nusgada (özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumat) we 9х12 ölçegdäki 2 sany suraty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ine çenli tabşyrmaly.

Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin Türkmenistanyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilip, olar bäsleşigiň her bir şerti üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýarlar. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijileri, ýagny Baş baýrak we 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp talyp gözeller yglan ediler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara, şeýle-de ýeňijilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Diplomlary, Hormat we Minnetdarlyk hatlary hem-de sowgatlary gowşurylar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79, 44-88-85.
  • Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16.
  • Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi: 44-88-58.
  • «Talyp gözeli — 2022» atly gözellik bäsleşiginiň düzgünnamasy dolulygyna «Nesil» gazetiniň şu günki — 1-nji fewraldaky sanynda çap edildi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň