«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetinde şu ýyl çagalara niýetlenen tigirleri öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Ahal durmuşy» gazetinde habar berildi.
Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastmassa önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanasynyň döredilip, işe girizilenine onçakly köp wagt geçenok. Şeýle-de bolsa, bu gün işi barha ilerleýän kärhanada öndürilýän, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli plastmassa önümleriniň görnüşi 200-den hem geçip, olar ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir.
Kärhanada we 2,5 gektara barabar meýdanda ýerleşýän kärhananyň önümçilik desgalarynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylandyr. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa plastmassa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik işinde buýrujylaryň islegi hem göz öňüne tutulýar.
Kärhana özüniň hojalyk harytlarynyň önümçiligi bilen meşhurdyr. Ol ýerde öndürilýän oturgyçlardyr stollaryň, dürli göwrümli sebetleriň, suwa we zir-zibillere niýetlenen bedreleriň, mejimelerdir legenleriň, çörek tagtalarynyň we gaplarynyň, güldanlaryň, süzgüçleriň, sabyn gaplarynyň, çekerleriň, asgyçlaryň, daraklaryň, çaga oýnawaçlarynyň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň diňe bir berkligine däl, daşky bezegine hem ähmiýet berilýär. Şol önümleriň reňk öwüşginlerine-de uly üns gönükdirilýär.