Berdimuhamedow Hytaýa saparyny tamamlap, üç günlük karantinde bolýar

21:4805.02.2022
0
12285

5-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyryn iki günlük sapary tamamlandy. Türkmen Lideriniň baştutanlygyndaky wekiliýet günüň ikinji ýarymynda Türkmenistana gaýdyp geldi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, Hytaýdan gelen wekiliýet 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantin çärelerini berjaý edýärler.

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 3-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisiniň barşynda wise-premýer S.Toýlyýewe ýüzlenip, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň düzgünnamasyna laýyklykda, sapardan gaýdyp gelinenden soň nähili hereket etmelidigi barada teklibini bermegi sorady. Wise-premýer düzgünnama laýyklykda, arassaçylyk kadalaryny ýerine ýetirmek üçin, sapardan gelinenden soň hökmany suratda karantin çärelerini berjaý etmelidigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu çäreleriň iň gysga wagty – 3 gün, ortaça wagty – 10 gün, iň wajyp wagty bolsa 21 gün bolmaly. Wise-premýeriň beýan eden teklibinden ugur alyp, döwlet Baştutany: «Biz karantin çäreleriniň haýsy hem bolsa birini berjaý edip, arassaçylyk talaplaryna görä, iň azyndan 3 gün, ýagny ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günlerinde karantinde bolmaly bolarys» – diýip belläpdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň