Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmagy teklip edýär

21:4005.02.2022
1
14900

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda saparda bolmagynyň çäklerinde şu gün – 5-nji fewralda Pekin şäherinde hytaý kärdeşi bilen duşuşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gepleşik geçirdiler.

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlary ýurtlaryň arasynda ýola goýlan köp ugurly, özara bähbitli strategik hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri Türkmenistan bilen Hytaýyň ygtybarly dostlar we ýakyn hyzmatdaşlardygyny belledi. Iki tarapyň bilelikdäki tagallalary netijesinde soňky ýyllarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy öz gerimini has-da giňeldýär. Hytaý Türkmenistanyň nebitgaz senagaty pudagyndaky esasy hyzmatdaşy bolup durýar. Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň çekilmegi arkaly iki ýurt üçin hem bähbitli bolan ösüş gazanyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri hytaý kärdeşini bu ugurdaky hyzmatdaşlygy iki ýurt üçin hem bähbitli esasda has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmagy teklip etdi. Bu teklibi üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Hökümetara türkmen-hytaý we hytaý-türkmen toparlarynyň ýerine ýetirmeli wezipeleri kesgitlenildi. Türkmen Lideri bu başlangyjyny çarşenbe güni Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda hem nygtapdy.

Teklip hytaý tarapy tarapyndan hoşallyk bilen kabul edildi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň