Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýa sapar bilen bardy

09:0904.02.2022
0
8930

Şu gün – 4-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet HHR-nyň Başlygynyň çakylygy boýunça Hytaý Halk Respublikasyna sapar bilen bardy.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Pekinde XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, saparyň dowamynda ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilmegine garaşylýar.

Türkmen Lideriniň baştutanlygyndaky wekiliýet Hytaýdan gelenden soňra, üç günlük karantin çärelerini berjaý ederler. Biz bu barada ozal habar beripdik.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň