Arhiw

Berdimuhamedowa türkmen dutarynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girendigi barada hasabat berildi

21:3831.01.2022
0
15462

Şu gün – 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Iş maslahatynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Wise-premýer hasabatynda Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen ýola goýan hyzmatdaşlygy we bu ugurda ýerine ýetirilýän işler barada bellemek bilen, döwlet Baştutanyna BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan ÝUNESKO-nyň merkezi edarasyndan gelip gowşan hoş habary ýetirdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli güwänamanyň asyl nusgasy 30-njy ýanwarda ýurdumyza gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu hoş habar bilen iş maslahatyna gatnaşyjylary we ähli watandaşlaryny gutlap, iri halkara guramalar bilen bagly alnyp barylýan işleriň wajyplygyna we ähmiýetine ünsi çekdi. Şonuň bilen baglylykda, käbir wise-premýerlere dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly ýerine ýetirilmeli işler we geçirilmeli çäreler barada tabşyryklary berdi.

«Türkmenportal» dutar ýasamak senetçiliginiň hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO tarapyndan hasaba alynandygy barada öz okyjylaryna ozal hem habar beripdi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň