Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Dutar ýasamak senetçiligi, saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlenilýär

22:1016.10.2020
0
13963

Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň şol sanawyna girizmek üçin “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly hödürnama bu guramanyň sekretariaty tarapyndan hasaba alyndy. Şol hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boýunça hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek mejlisinde seredilmegi göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer ― daşary işler ministri R.Meredow 16-njy oktýabrdaky Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.

Bellenilişi ýaly, köpýyllyk özara gatnaşyklaryň netijesinde ýurdumyzyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» hem-de Türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek barada hödürnamany taýýarlamak boýunça işler tamamlanýar. Bu halkara tor dünýä şäherleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de şäherleriň durnukly ösüşi boýunça halkara tejribeleri alyşmak maksady bilen, 2004-nji ýylda döredildi we häzirki wagtda 180 şäheri öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, taýýarlanylan resminamalary ÝUNESKO guramasyna ibermek teklip edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň