Top.Mail.Ru

Arhiw

Dutar ýasamak senetçiligi hem-de bagşyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

21:0616.12.2021
0
12179

ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komiteti Türkmenistanyň milli dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Bu çözgüt Guramanyň Hökümetara komitetiniň 2021-nji ýylyň 13-18-nji dekabry aralygynda onlaýn görnüşinde geçirilýän 16-njy mejlisiniň barşynda biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan berlen hödürnama gutarnykly seljermeden geçdi we bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň sanawyny artdyrdy.

Mälim bolşy ýaly, tutuş adamzat üçin gymmatly bolan dessurlar we özboluşly aýratynlyklaryň görnüşleri Maddy däl medeni mirasyň bütindünýä sanawyna girizilýär. Asyrlaryň dowamyndan bäri dutar, türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-sazynyň esasy žanrlarynyň ählisinde ulanylýandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde dutaryň aýratynlygyny açyp görkezmek bilen, «Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde «Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär» diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men «Bitaraplyk» diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar», diýip beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň