Türkmenistanda «E-Bilim» okuw platformasy döredildi

16:1531.01.2022
0
4342

Türkmenistanda «E-Bilim» okuw platformasy döredildi. Birnäçe ugur üçin niýetlenen, wideo okuw sapaklary ýerleşdirilen bu platforma mugallymlardyr talyplar, mekdep okuwçylary üçin ylym-bilim babatda tejribe alyşmakda özboluşly gollanmadyr. Bu barada «Rysgal» gazetinde habar berilýär.

«E-Bilim» platformasynyň esasy maksady onlaýn okuw sapaklaryny ýola goýmakdan we bu okuw sapaklarynyň elýeter bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Platformada ýerleşdirilen wideo okuw sapaklary türkmenistanlylar üçin tölegsiz bolup, orta we ýokary okuw mekdeplerinde öwrenilýän dersler boýunça hem birnäçe maglumatlary özünde jemleýär.

Häzirki wagtda bu platformanyň 3 müňe golaý agzasy bar. Instruktorlar, ýagny öwrediji mugallymlar belli bir ugur boýunça taýýarlanan wideo sapaklaryny platforma ýerleşdirýär. Wideo sapaklar barlagdan geçirilenden soňra, diňleýjä — öwrenijilere elýeterli edilýär.

Ýeri gelende belläp, «App sto­re» we «Play mar­ket» in­ter­net dü­kan­la­ryn­dan «E-Bi­lim» mo­bil go­şun­dy­sy­ny ýük­läp al­mak müm­kinçi­li­gi­ hem döredilendir. Bu mo­bil go­şun­dy­sy­nyň kö­me­gi bi­len diň­leý­ji­ler in­ter­net ar­ka­ly özü­ne bel­läp alan wi­deo sapak­la­ry­ny is­len­dik ýer­de, is­län wag­ty, in­terne­ti ulan­maz­dan, gö­rüp bil­ýär­ler. Plat­for­ma­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, onuň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­niň ge­ri­mi­ni gi­ňeltmek ba­ra­da yzy­gi­der­li çä­reler ge­çi­ril­ýär.

Hä­zir­ki wagt­da onuň dü­zü­min­de «sy­nag» bö­lü­mi­ni or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­gal­lym­lar öw­re­ni­ji­le­riň öz­leş­di­ren wi­deo sa­pak­la­ry bo­ýun­ça bi­lim de­re­je­le­ri­ni bar­la­mak­da, ýo­kar­lan­dyr­mak­da «sy­nag» bölümini peýda­la­nyp bi­ler.

Plat­for­ma­nyň «ter­ji­me» bö­lü­mi dil öwren­ýän diň­leý­ji­le­re ni­ýet­le­nip, onda öw­re­ni­ji is­len­dik bir dil bo­ýun­ça bil­me­ýän sö­zü­niň ter­ji­me­si­ni öw­re­nip bi­ler. Mun­dan baş­ga-da, plat­for­ma­da «zo­om» bö­lü­mi bo­lup, ol bel­li bir mu­gal­lym­la­ryň ara­syn­da wi­deo kon­feren­si­ýa­la­ry, öza­ra açyk sa­pak­la­ry ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len ýo­la go­ýul­dy. Bu bölüm di­ňe tas­syk­la­nan öw­re­di­ji mu­gal­lym­la­ra el­ýe­ter­li bo­lup, gel­jek­de onuň ge­ri­mi­ni has-da gi­ňeltmek me­ýil­leş­di­ril­ýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň