Türkmen wekiliýeti ÝHHG-nyň mejlisinde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi

20:2628.01.2022
0
1062

26-njy ýanwarda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde türkmen wekiliýeti «Türkmenistanyň ykdysadyýet we daşky gurşaw babatda ileri tutýan ugurlary» boýunça beýannama bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, Beýannamada Türkmenistan üçin ÝHHG bilen ykdysady we daşky gurşawy goramak boýunça hyzmatdaşlygynda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag arkaly aragatnaşygy ösdürmek we söwdany ýeňilleşdirmek, şeýle hem energiýa howpsuzlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energiýa we transport ulgamlaryny goramaga, gaýtadan dikeldilýän we durnukly energiýa çeşmelerini goramaga we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berip, energiýa howpsuzlygy pudagynda gepleşikleriň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldaýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, sessiýada daşky gurşawy talabalaýyk dolandyrmak, howanyň üýtgemegi, suw gorlaryny dolandyrmak, şeýle hem zenanlaryň energiýa taslamalaryna gatnaşmagy ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan ýaşyl portlary we transport aragatnaşygyny ösdürmekde, şeýle hem energiýa pudagynda aýal-gyzlaryň ykdysady taýdan güýçlendirilmeginde ÝHHG bilen amaly hyzmatdaşlyga bil baglaýangy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň wekiliýeti soňky ýyllarda Türkmenbaşy portunyň Halkara portlaryň sanly birikmäge taýynlygyna baha bermek üçin hem-de ÝHHG-niň taslamasynyň iş toparynyň ýygnaklaryna işjeň gatnaşandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň