Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Merkezi Aziýa — Hindistan” sammitindäki çykyşy

23:4527.01.2022
0
4732

(Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwary)

Hormatly jenap Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri!

Ilki bilen, Hindistanyň Premýer-ministri jenap Narendra Modä birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitine gatnaşmaga çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Şu ýyl Merkezi Aziýa ýurtlary we Hindistan üçin şanly ýyldyr. 30 ýyl mundan ozal biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Biziň halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyr başlandy. Biz bilelikde giňişleýin syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýmaga girişdik. Şol ýyllarda hyzmatdaşlygyň saldamly hukuk binýady kemala geldi, dürli ugurlarda geňeşmeleri we iş bilen bagly gepleşikleri geçirmegiň netijeli gurallary döredildi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň dünýä giňişliginde alyp barýan hyzmatdaşlygynyň binýatlyk esaslary kesgitlenildi.

2022-nji ýyl hem şan-şöhratly ýyldyr. Sebäbi şu ýyl Hindistan öz Garaşsyzlygynyň şanly 75 ýyllyk ýubileýini belläp geçýär. Taryhy nukdaýnazardan alanyňda, bu gysga döwürde Hindistan asyrlara barabar şöhratly ýoly geçdi. Milli döwletlilik häzirki zaman görnüşinde dikeldildi, durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy döredildi, ägirt uly oňyn halkara tejribe toplanyldy.

Türkmenistan üçin Hindistan ýakyn dostdur we möhüm hyzmatdaşdyr. Hindistan Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny dünýäde ilkinjileriň biri bolup ykrar eden döwletdir. Biz Hindistanyň ählumumy işlerde tapawutlandyrýan oňyn we oýlanyşykly syýasatyna, onuň dünýäde eýeleýän möhüm ornuna uly hormat goýmak bilen garaýarys. Öz nobatymyzda, biz hem Hindistanyň, onuň ýolbaşçylarynyň hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýandygyny we oňa taýýardygyny, Türkmenistanyň saýlap alan içerki ösüş ýoluna hem-de alyp barýan bitarap daşary syýasy ugruna hormat goýýandygyny görýäris. Türkmen-hindi hyzmatdaşlygy açyklyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara bähbitlilik ruhunda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şeýle häsiýete eýe bolmagynyň iki ýurduň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýaryn.

Hormatly kärdeşler!

Birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammiti ýeňil bolmadyk şertlerde geçirilýär. Umumy halkara durnuksyzlyga pandemiýa howpy we beýleki wehimler hem goşuldy. Şoňa görä-de, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde, parahatçylygyň we ösüşiň kepili hökmünde netijeli gatnaşyk alyp barmagyň, gepleşikleri geçirmegiň ugurlaryny ýola goýmakda tagallalaryny birleşdirmeginiň ähmiýeti artýar. Biziň ýurtlarymyzyň şol maksada ýetmek üçin şu görnüşdäki duşuşygyň berýän mümkinçiliklerini ulanjakdygyna ynanýaryn.

Ýolbaşçylary biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy hem-de birinji «Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň işe başlamagy bilen gutlamaga rugsat ediň!

Hormatly jenap Premýer-ministr!
Hormatly döwlet Baştutanlary!

Şu duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň gatnaşyklaryny täze sepgitlere çykarmalydyr. Türkmenistan oňa düýplülik we anyklyk nukdaýnazaryndan, hyzmatdaşlygyň doly gerimli görnüşini döretmek ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýar. Biziň pikirimizçe, gürrüň ýurtlarymyzyň taryhy taýdan esasly hem-de häzirki zamanda hakyky isleg bildirilýän gatnaşyklarynyň doly toplumyny ulgamlaşdyrmak, tertipleşdirmek we uzak möhletlilik häsiýetini bermek, durnuklylaşdyrmak işleriniň başlanýandygy barada bolup biler.

Häzirki döwürde bizde şonuň üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ynanýaryn. Biz öz halklarymyzyň düýpli gymmatlyklaryna we medeni ösüş babatda ýakynlygyna daýanýarys. Merkezi Aziýanyň hem-de Hindistanyň ägirt uly adam, senagat, tebigy we tehnologik mümkinçilikleri bar. Bu serişdeler dünýäniň häzirki hem-de geljekki gurluşynda biziň ykdysady täsirimizi we syýasy ähmiýetimizi berkitmelidir. Şoňa görä-de, biziň aramyzda hyzmatdaşlygyň, hakykatdan-da, berk, ynanyşykly hem-de özara bähbitli nusgalaryny we görnüşlerini ýola goýmak, umumy strategik maksatlary işläp düzmek, giň gerimli, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga çykmak has möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şonuň esasy şertiniň berk hem-de uzak möhletleýin parahatçylyk, howpsuzlyk we durnuklylykdygy äşgärdir. Halkara ýagdaýyň dartgynlylaşýan, gapma-garşylyklaryň artýan, halkara hukugyň kadalarynyň ýoýulýan, kähalatlarda bolsa aç-açan äsgerilmeýän şertlerinde jogapkärçilik, pähim-parasat örän möhümdir. Emma şunuň bilen birlikde, şol howply meýillere berk hem-de aýgytly garşy durmagyň, terrorçylyga, radikalizme we ekstremizme, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy bilelikde göreşmegiň ähmiýeti hem birjik-de pes däldir.

Biz berk hem-de uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylygy we bähbitleriň deňagramlylygyny saklamagyň ýurtlarymyzyň strategik maksatlaryna laýyk gelýändiginden ugur alýarys. Şu şertlerde ylalaşyk we utgaşdyryş usullaryny döretmek, şol usullaryň çäklerinde möhüm meseleler boýunça wagtly-wagtynda ynanyşykly pikir alyşmak, şol meseleleriň umumy bähbitlere laýyk gelýän çözgütlerini teklip etmek kanunalaýyk hasaplanylýar. Munuň üçin daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny geçirmegiň gowy tejribesi ýola goýuldy. Şol duşuşyklaryň yzygiderli we wagtly-wagtynda dowam etdirilmegini goldaýarys.

«Merkezi Aziýa — Hindistan» sammitiniň Sekretariatynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýarys.

«Merkezi Aziýa — Hindistan» parlament forumy baradaky teklibiň oňyndygyny belleýäris we howpsuzlyk boýunça geňeşçileriň derejesinde yzygiderli dialog geçirmek başlangyjyny goldaýarys.

Hyzmatdaşlygyň şeýle köpugurly görnüşi biziň ýurtlarymyzyň özara syýasy gatnaşyklaryny giňeltmek üçin möhüm şert bolup biler diýip hasap edýäris. Şu babatda häzir, täze howplaryň ýüze çykýan, harby-syýasy gapma-garşylyklaryň dartgynlylaşýan ýagdaýynda, dialogyň medeniýetini öňe sürmek, dünýä giňişliginde ynanyşmak we ediljek hereketleri öňünden aýan etmek ýagdaýyny döretmek örän möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistan öz tagallalaryny şu maksada ýetmäge gönükdirýär. Başlangyç bilen çykyş edip, has takygy, halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen täze filosofiýasyny hödürläp, biziň ýurdumyz ählumumy syýasy giňişlikde jogapkärçilikli we sagdyn güýçleriň ählisiniň birleşmegine umyt edýär. Elbetde, Merkezi Aziýa döwletleri we Hindistan tarapyndan biziň garaýşymyzyň goldaw tapjakdygyna berk ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalarda, ilki bilen, BMG-de ulgamlaýyn bilelikdäki işi ýola goýmagy teklip edýäris.

Hormatly kärdeşler!

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hindistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk biziň ykdysadyýetlerimiziň çalt ösmegini üpjün etmelidir, netijeli ulag, energetika we tehnologiýa ulgamyny döretmelidir. Şol ulgam bolsa bize bäsdeşlik artykmaçlygynyň we ählumumy ösüşe häzirki zaman derejesinde ýakynlaşmagyň kepili bolar.

Hindistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda etmegiň we maýa goýumlary gönükdirmegiň häzirki derejesi öz hakyky mümkinçiliklerini amala aşyrmakdan uzakdadyr, bu ýagdaýy biz bilelikde düzetmelidiris. Bu meselede biz «Merkezi Aziýa — Hindistan» işewürlik geňeşine aýratyn ähmiýet berýäris. Onuň çäklerinde toplanan hyzmatdaşlyk tejribesini peýdalanmak we işjeňleşdirmek zerurdyr. Işewürlik geňeşine hyzmatdaşlygyň ugurlaryny anyklaşdyrmagy hem-de möhüm we ýakyn geljekde amala aşyrylmaly bilelikdäki taslamalara ünsi jemlemegi teklip edýäris.

Şunuň bilen baglylykda, energetikany bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegiň möhüm ugry hasap edýäris.

Baý tebigy serişdelere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bu gün «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemäge ukyplydyr. Hususan-da, Türkmenistan häzirki döwürde öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli energetika taslamasyny — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar. Bu taslamanyň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ägirt uly geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti hemmelere mälimdir.

Biz şeýle hem hindistanly hyzmatdaşlarymyz bilen elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugrudyr. Gürrüň, ozaly bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa ulag geçelgelerini döretmek barada barýar. Türkmenistan, aslynda, çäkleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli, ol ýerden hem Hindistana barýan ýeke-täk iň gysga ýol geçýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär.

Şeýle-de biz Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna möhüm ähmiýet berýäris. Biziň bilşimiz ýaly, Hindistan bu taslama resmi taýdan goşuldy. Bu bolsa taslama gatnaşyjylar üçin goşmaça giň mümkinçilikleri döredýär.

Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, Hindistanyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de Çabahar porty boýunça bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýarys. Şeýle hem şu babatda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak hakyndaky meselä seretmegi teklip edýäris.

Biziň ýurtlarymyzyň ýöriteleşdirilen milli edaralarynyň, şol sanda maliýe ulgamyna, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat, sanly we beýleki öňdebaryjy tehnologiýa ulgamlaryna degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem möhüm bolup durýar.

Bilim ulgamynda, şol sanda Tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hindi maksatnamasynyň hem-de Medeni aragatnaşyklar boýunça hindi geňeşiniň ugurlary boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlyga biz ýokary baha berýäris.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda uly tejribe toplanyldy. Şol tejribä daýanyp, biz bu gün dünýä bileleşiginiň öňünde duran wezipeleri bilelikde çözüp bileris. Olaryň biri hem koronawirus ýokanjynyň pandemiýasyna garşy göreşmekdir.

Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistan dürli halkara forumlaryň we guramalaryň çäklerinde birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şolar lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmäge, koronawirusyň ýaýramak howpuna garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, «Merkezi Aziýa — Hindistan» lukmançylyk assosiasiýasyny döretmek meselesine seretmegi teklip edýäris. Ýokanç kesellere garşy göreşmek şol assosiasiýanyň esasy maksatlarynyň biri bolup biler.

Umuman, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine biziň halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, ýakynlaşmak we özara düşünişmek mümkinçiligi hökmünde garaýarys. Şu ýubileý ýylynda biziň ýurtlarymyzyň şäherlerinde bilelikdäki medeni çäreleriň tapgyryny guramagy teklip edýäris.

Hormatly kärdeşler!

Merkezi Aziýanyň Garaşsyz döwletleri bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda şu ýyl 30 ýyllygy bellenilýän diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy biziň gatnaşyklarymyzyň köpasyrlyk taryhynyň täze tapgyrynyň başyny başlady. Şu ýubileý şol gatnaşyklaryň many-mazmunyna düşünmäge, häzirki zaman ählumumy ösüş ruhunda täze häsiýetnamalar we öwüşginler bilen baýlaşdyrmaga gowy mümkinçilik berýär.

Şu günki duşuşygyň mundan beýläk hem özara hyzmatdaşlyk edilmegine, garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň ýakynlaşmagyna, hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine tarap bilelikde öňe gitmegimize dogry ugurlary görkezjekdigine ynanýaryn.

Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Hindistanyň ýolbaşçylaryny, ýurtlarymyzyň halklaryny bu şanly sene bilen ýene-de bir gezek gutlap, hemmelere parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň